Bap 97
Reb höküm sürýär: goý, ýer şatlansyn, hemme adalar, goý, begenişsin.
2 Onuň daş-töweregi – bulut we tümlük, tagtynyň düýbi – dogrulyk hem-de adyllyk.
3 Onuň öňünden ot-alaw ýöreýär, töwerekdäki duşmanlaryny ýandyrýar.
4 Ýyldyrymlary dünýäni ýagtylandyrýar, ýer ýüzi görýär hem galpyldaýar.
5 Daglar mum dek ereýär Rebbiň öňünde – tutuş ýer ýüzüniň Taňrysynyň öňünde.
6 Gökler Onuň dogrulygyny jar edýär. Ähli halklar Onuň şan-şöhratyny görýär.
7 Biderek butlaryna magtanyp, şekillere sežde edýänler utandyrylýar. Oňa tagzym ediň, eý, ähli hudaýlar!
8 Ýa Reb, Seniň kararlaryňy Siýon eşidip, şadyýan bolýar, Ýahudanyň gyzlary hem begenýär.
9 Ýa Reb, Sen ýer ýüzünde iň beýigisiň, ähli hudaýlardan belende çykarylansyň.
10 Eý, Rebbi söýýänler, ýamanlygy ýigreniň! Ol sadyklarynyň janlaryny aman saklaýar, olary erbet adamyň elinden halas eýleýär.
11 Nur dogulýar dogrular üçin, şadyýanlyk – ýüregi dogrular üçin.
12 Eý, dogrular, Rebde şatlanyň, mukaddes adyna şükürler ediň.