Bap 54
Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Maskil. Zipliler gelip, Şawula: «Dawut biziň aramyzda gizlenýär» diýenlerinde, Dawudyň aýdan mezmury.Eý, Hudaý, meni halas et Öz adyň bilen, meni akla Sen gudratyň bilen.
2 Eý, Hudaý, meniň dogamy eşit, Sen agzymyň sözlerine gulak goý.
3 Çünki gelmişekler garşyma galdy, sütemkärler janymyň kastyna çykdy; olar Hudaýy äsgermeýärler. Sela
4 Meniň üçin bolsa Hudaý kömekdir! Taňry söýgetleýär meniň janymy.
5 Ol duşmanlarymyň eden ýamanlygyny olaryň öz başlaryna inderer. Öz wepalylygyň hatyrasyna ýok et olary.
6 Saňa höwes bilen gurban keseýin, ýa Reb, Seniň ýagşy adyňa şükür edeýin.
7 Çünki Ol meni ähli muşakgatdan halas eýledi, gözüm duşmanlaryma ýeňiş bilen garady.