Bap 46
Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna, soprana derejesinde. Koragyň nesilleriniň nagmasy.
2 Hudaý biziň penamyz hem-de güýjümiz, Ol muşakgat wagty dadymyza ýetişýär.
3 Şonuň üçin gorkmarys ýer yransa-da, daglar deňziň bagryna yňdarylsa-da,
4 olaryň suwlary güwläp, joşsa-da, zarbyndan ýaňa daglar sarssa-da. Sela
5 Bir derýa bar, onuň akymlary şat edýär Hudaýyň şäherini – Beýik Hudaýyň mukaddes mesgenini.
6 Hudaý bu şäheriň ortarasynda, ol sarsdyrylmaz, Hudaý oňa kömek eder säher çagyndan.
7 Milletler arlaýar, şalyklar-da yranýar, Ol gygyrýar – şonda dünýä ereýär.
8 Hökmürowan Reb biziň bilendir, Ýakubyň Hudaýy – berkitmämizdir.
9 Geliň, görüň Rebbiň edenlerini, ýer ýüzüne getiren weýranlygyny.
10 Ol ýeriň ujuna çenli uruşlary togtadýar, ýaýlary kül-owram edýär, naýzalary ikä bölüp taşlaýar, galkanlary ot-ýalynda ýandyrýar.
11 Reb şeýle diýýär: «Saklanyň, biliň – Hudaý Mendirin! Milletler arasynda beýgeldilerin tutuş ýer ýüzünde beýgeldilerin». [12] Hökmürowan Reb biziň bilendir, Ýakubyň Hudaýy – berkitmämizdir. Sela