Bap 76

Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz gurallary üçin. Asafyň mezmury. Nagma.

Hudaý Ýahudada meşhurdyr, Onuň ady Ysraýylda beýikdir.
2 Onuň çadyry Salimdedir, Onuň mekany Siýondadyr.
3 Ol şol ýerde döwdi otly peýkamlary hem-de galkany, gylyjy hem-de söweş ýaraglaryny. Sela
4 Sen nur deý şöhle saçýarsyň, awlaglara baý bolan daglardan dabaralysyň.
5 Arslan ýürekliler oljasyny aldyrdylar, olar baky uka gitdiler. Iň güýçlüleriň hiç biriniň-de elini galdyrmaga gurby çatmady.
6 Eý, Ýakubyň Hudaýy, Seniň käýinjiňden atlar, söweş arabalary doňup galdylar.
7 Sen wehimlisiň! Gazaba müneňde kim durup biler?
8 Sen göklerden yglan etdiň karary; ýer ýüzüniň ähli pukarasyny halas etmäge,
9 Sen kazylyk etmek üçin aýaga galdyň, şonda ýer-ýüzi eýmenip, ümsümlik boldy. Sela
10 Saňa öwgi gazandyrar hatda ynsan gazaby, gazabyňdan gutulanlar-da Saňa öwgi aýdarlar.
11 Beýik Hudaýyňyza sadaka aýdyň, olary beriň, töweregindäkileriň bary wehimli Hudaýa sowgat getirsin.
12 Şazadalaryň ruhuny syndyrýan Oldur, ýer ýüzüniň şalaryna wehimli Oldur.