Bap 39
Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysy Ýedutunyň mukamyna laýyklykda. Dawudyň mezmury.Diýdim: «Dilimden günä galmazlyk üçin, ýörejek ýolumy saýgarjakdyryn; erbetler meniň garşymda durka agzymy jylawlap saklajakdyryn».
2 Lal bolup, ümsümligi bozmadym, hatda ýagşy zatlary-da aýtmadym; emma beterledi meniň agyrym.
3 Ýüregim tutaşdy meniň içimde, ot alawlady oý-hyýalymda, ahyrsoňy dilimi ýardym:
4 «Bildir, ýa Reb, meniň soňumy hem-de galan günlerimiň sanyny; bildir ömrümiň panydygyny.
5 Sen meniň günlerimi bir garyş etdiň! Seniň nazaryňda ömrüm puç zatdyr. Dogrudan-da, her bir ynsan ýeliň öwüsgini ýalydyr». Sela
6 «Dogrudan-da, ynsan gezýär bir sudur kimin; dogrudan-da, biderek ýere ol hysyrdaýar; ýygnaýar, munuň kime galjagyny bilmeýär.
7 Ýa Taňry, indi nämä garaşaýyn men? Meniň ähli umydym Sende.
8 Ähli ýazyklarymdan meni halas et, meni akmaklara masgara etme.
9 Lal bolup, açmaýaryn agzymy, çünki Sen etdiň muny.
10 Aýyr menden Öz urgularyňy, eliň zarbyna ýitip gidýärin.
11 Ynsany günäsine görä paş edip, temmi bereňde, guwanýan zatlaryny güýe ýaly dargadýaň; dogrudan-da, her bir ynsan ýeliň öwüsgini ýalydyr!» Sela
12 «Dogamy eşit, ýa Reb, gulak goý meniň dat-perýadyma; Sen biparh garama gözýaşlaryma, çünki men gelmişek Seniň ýanyňda, ähli atalarym deý men bir keseki.
13 Nazaryňy menden sow, gidip, ýok bolmazdan öň bir ynjalaýyn».