Bap 71

Ýa Reb, men Seni pena edinýän, meni asla utanja goýma.
2 Öz dogrulygyňda meni gutar, azat et, maňa gulak goý-da, meni halas et.
3 Elmydama meni gizläp biläýjek, mesgen tutunjak mäkäm gaýam bol. Halas bolmagymy Sen emr etdiň, çünki gaýam, berkitmäm Sensiň.
4 Eý, Hudaýym, meni halas et erbediň elinden, adalatsyz bilen zalymyň penjelerinden.
5 Çünki, eý, Hökmürowan, umydym Sensiň, Ýa Reb, ýaşlygymdan bil baglanym Sensiň.
6 Dünýä inenimden Saňa daýandym, Sen ejemiň göwresinden meni dünýä inderdiň; men Saňa dyngysyz alkyş aýdýaryn.
7 Men köplere täsinlik bolup göründim, emma Sen mäkäm penamsyň.
8 Saňa bolan alkyş düşmez dilimden, uzakly gün agzym doly şan-şöhratyňdan.
9 Garrylyk çagymda meni taşlama, kuwwatdan düşenimde meni terk etme.
10 Duşmanlarym men barada gürrüň edişýär, janymy aňtap, özara dil birikdirýär.
11 Olar diýýär: «Hudaý ony taşlady, kowalap, tutuň siz ony. Ony halas etjek ýok indi».
12 Eý, Hudaý, menden daşlaşma, eý, Hudaýym, tiz ýetiş meniň dadyma.
13 Meniň ýagylarym utansyn, ýok bolup gitsin, maňa ýamanlygy niýet edýänler utanç bilen betnamlyga bürelsin.
14 Men bolsa hemişe umyt baglaryn, Saňa alkyş üstüne alkyş aýdaryn.
15 Dilim uzakly gün sözlär dogrulygyňy hem-de halas etmek üçin edýänleriňi; olaryň sany akyl ýetirerden kän.
16 Men Hökmürowan Rebbiň gudratly güýji bilen gelerin, Seniň, diňe Seniň dogrulygyňy yglan ederin.
17 Eý, Hudaý, ýaşlygymdan maňa terbiýe berdiň, men heniz-de gudratlaryňy beýan edýärin.
18 Jar edýänçäm geljek nesle güýç–kuwwatyňy, indi doguljaklaryň ählisine Seniň güýjüňi, garrasam-da, başym çalarsa-da meni taşlama.
19 Eý, Hudaý, Seniň dogrulygyň göklere ýetýär, Sen berjaý etdiň ägirt işleri. Eý, Hudaý, barmy Sen ýaly?
20 Köp görgä, ýaman muşakgatlara meni uçratdyň, ýöne gaýtadan meni ýaşaýşa gowuşdyrarsyň, ýeriň teýinden meni ýene çykararsyň Sen.
21 Beýgeldersiň meniň at-abraýymy, kalbyma berersiň Sen rahatlygy.
22 Eý, Hudaýym, men arfada wepalylygyňy öwerin. Eý, Ysraýyl Mukaddesi, kinorda Saňa alkyş aýdaryn.
23 Men Saňa nagma aýdanymda, dilim, halas bolan janym şatlyk bilen gygyrar.
24 Dilim uzakly gün dogrulygyňy aýdar, çünki maňa ýamanlygy niýet edenler masgara bolup, utanja galdy.