Bap 19

Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.

Gökler Hudaýyň şöhratyny yglan edýär, gök gümmezi elleriniň işinden habar berýär.
2 Gün söz sözleýär ertirki güne, gije bilim berýär indiki gijä.
3 Ne gep bar, ne-de bir gürrüň, eşidilmeýär sesi olaryň.
4 Ýöne tutuş ýer ýüzüne ýaýrandyr olaň owazy, älem çäklerine – olaň sözleri. Hudaý Gün üçin göklerde dikdi çadyry,
5 Gün gelin jaýdan giýew dek çykýar, ylgamakçy bolýan ýüwrük kimin şatlanýar.
6 Gökler gözýetiminden onuň çykyşy, beýleki gözýetimine onuň aýlawy, hiç bir zat gizlin däl onuň howrundan.
7 Rebbiň kanuny kämildir, ol jany täzeleýär. Rebbiň düzgüni ygtybarlydyr, ol akmagy akyldar edýär.
8 Rebbiň buýruklary dogrudyr, olar ýüregi şatlandyrýar. Rebbiň tabşyryklary aýdyňdyr, olar gözleri nurlandyrýar.
9 Rebden gorkmak päkdir, ýaşaýar ol ebedi. Rebbiň kararlary ygtybarlydyr, adyldyr olaryň bary.
10 Arzuwlydyr olar altyndan, hatda sap altynyň köplüginden-de; süýjüdir olar ary balyndan, aryň mum öýjüginden damýan baldan-da.
11 Seniň bendäňe-de duýduryş berilýär olar arkaly; olary berjaý etmekde beýik sylag bar.
12 Eýsem öz ýalňyşyny kim aňyp bilýär? Meni gizlin ýazyklardan tämizle.
13 Öz bendäňi gora betpällik günälerinden, olar höküm sürmesin meniň üstümden; men aýypsyz bolaryn şonda, päk bolaryn güýçli bitabynlykdan.
14 Agzymyň sözleri, ýüregimiň oý-pikirleri goý, Seniň huzuryňda kabul edilsin, ýa Reb, meniň Gaýam hem Halasgärim.