Bap 50
Asafyň mezmury. Nagma. Hudaý, Beýik Hudaý gürleýär, gündogardan günbatara çenli ýer ýüzüni çagyrýar.
2 Gözelligiň naýbaşy bolan Siýondan Hudaý parlaýar.
3 Hudaýymyz gelýär, ümsüm däldir Ol: Onuň öňünde ot bar ähli zady ýalmaýan, töwereginde – güýçli gaý-tupan.
4 Ol halkyna kazylyk etmeklik üçin Ýeri, Gögi şaýatlyga çagyrýar:
5 «Ýygnaň ýanyma sadyklarymy – gurbanlyk arkaly äht baglaşanlarymy».
6 Gök yglan edýär Onuň dogrulygyny, çünki kazylyk edýän – Hudaýyň Özi. Sela
7 «Men gepläýin, sen hem diňle, eý, halkym; Mendirin Hudaýyň, seniň Hudaýyň, eý, Ysraýyl, saňa garşy şaýatlyk Men edeýin.
8 Gurbanlaryň üçin Men seni ýazgarjak däl, ýakma gurbanlaryň dyngysyz Meniň öňümde.
9 Maňa ne öküz gerek seniň öýüňden, ne-de erkeç – seniň agyllaryňdan.
10 Çünki jeňňel jandarlarynyň ählisi – müňlerçe daglaryň haýwanlary Meniňki.
11 Men bilýärin dagyň ähli guşlaryny, meýdan jandarlarynyň bary Meniňki.
12 Eger ajyksam-da, saňa aýtmaryn, çünki dünýä hem ondaky ähli zatlar Meniňki.
13 Öküzleriň etini iýýärinmi Men? Erkeçleriň ganyny içýärinmi Men?
14 Sen şüküri gurbanlyk ber Hudaýa, Beýik Hudaý beren kasamlaryňy berjaý et.
15 Meni çagyr muşakgat günde, seni halas ederin, Maňa şöhrat aýdarsyň şonda».
16 Emma Hudaý erbet adama şeýle diýýär: «Parzlarymy agzamaga, ähtimi diliňe almaga näme hakyň bar?
17 Çünki Meniň terbiýämi ýigrenýärsiň sen, sözlerimi ýele sowurýarsyň sen.
18 Bir ogryny göreňde, oňa goşulýaň, zynahorlara şärikdeş bolýaň.
19 Ýamanlyga berdiň sen öz agzyňy, seniň diliň düzýär hile-pirimi.
20 Sen oturyp, doganyňa garşy gepleýäň, öz ejeňiň ogluna myjabaty ýöňkeýäň.
21 Sen bulary etdiň, Men gürlemedim, sen Maňa hem özüň ýalydyr öýtdüň. Emma saňa käýärin, göz alnyňda etmişleriňi goýaryn.
22 Eý, Hudaýy unudanlar, bu barada oýlanyň, ýogsa Men sizi parça-parça ederin, sizi halas eden tapylmaz.
23 Şükür sadakasyny berýän Meni sylaýar; Men öz ýoluny dogry tutany halas ederin».