Bap 60

Eý, Hudaý, bizi ret etdiň, biziň hatarymyzy böwüsdiň, gazaplandyň: wah, gaýdyp bersene öňki abadanlygy!
2 Sen ýeri sarsdyrdyň, ony jaýyrdyň, ýaryklaryny bejer, titreýändir ol.
3 Agyr güne saldyň Sen Öz halkyňy, bize entediji şerap içirdiň.
4 Oklardan gutulyp bileri ýaly, Özüňden gorkýanlara Sen nyşan berdiň. Sela
5 Öz söýýänleriňiň gutulyp bileri ýaly, goluň bilen halas et, bize jogap ber.
6 Wada berdi Hudaý Öz mukaddes öýünden: «Uly şatlyk bilen Men Şekemi bölerin hem-de Sukot deresini ölçärin.
7 Gilgat Meniňki, Manaşe Meniňki, Efraýym–tuwulgam, Ýahuda–patyşalyk hasam.
8 Mowap–ýuwunmak üçin legenim, Edomyň üstüne zyňaryn Men çarygymy. Pilişt topragynda ýeňiş dabarasy bilen gygyraryn Men».
9 Berk gala kim meni elter? Meni Edoma kim alyp gider?
10 Eý, Hudaý, eýsem Sen bizi ret etmediňmi? Eý, Hudaý, goşunlarymyz bilen gitjek dälmi Sen?
11 Duşmanlarymyza garşy bize kömek et, sebäbi ynsan kömegi biderek zatdyr.
12 Hudaý arkaly ýeňiş gazanarys, duşmanlarymyzy depelejek Oldur.