Bap 120

Muşakgatly wagtym çagyrdym Rebbi, Ol hem maňa berdi jogaby.
2 Ýa Reb, ýalançy agyzdan, hileli dilden halas et meni.
3 Eý, hileli dil, saňa gör-bak näme ediler! Onuň üstesine näme goşular?
4 Edermeniň ýiti oklary, ojaryň ýandyryjy közleri!
5 Dat-bidat meniň halyma! Çünki Meşekde sergezdan boldum, Kedar çadyrlarynda mesgen tutmaly boldum;
6 dawa-jenjel agtarýan halkyň içinde, uzak wagtlap mesgen tutmaly boldum.
7 Parahatlygyň tarapdary men, emma agzymy açan badyma, olar eýýäm uruş-jenjele taýýar.