Bap 72
Eý, Hudaý, patyşa paý ber adalatyňdan, şa ogluna – Öz dogrulygyňdan.
2 Goý, ol dogrulyk bilen halkyňa kazylyk etsin, garyplaryňa adalatly höküm çykarsyn.
3 Goý, daglar halka abadanlyk habaryny getirsin, depeler adalaty, goý, yglan etsin.
4 Şa halkyň garyplarynyň hakyny, goý, alyp bersin, mätäçleriň ogullaryny halas eýlesin, zalymlary, goý, weýran etsin!
5 Tä Gün hem Aý şöhle saçýarka, nesillerboýy, goý, ol ýaşasyn
6 Insin orlan ýaýla bir ýagmyr kimin, ýeri suwarýan çabgalar kimin.
7 Onuň günlerinde adalatlyk güllesin. Aý ýitip gidýänçä abadançylyk bolsun.
8 Deňizden–deňze, Perat derýasyndan ýeriň uçlaryna çenli, goý, ol öz hökümini ýöretsin.
9 Çölde ýaşaýanlar oňa baş egsin, duşmanlary, goý, toprak ýalasyn.
10 Tarşyş şalary we deňiz ýakasyndakylar oňa paç-hyraç tölesin, Şeba we Saba şalary sowgat getirsin.
11 Oňa ähli şalar, goý, tagzym etsin, oňa ähli milletler, goý, hyzmat etsin.
12 Çünki ol halas edýär mätäji özüne perýat edende, garyby-da, kömekçisi bolmadyk ynsanlary-da.
13 Onuň ejizlere, mätäçlere rehimi inýär, ol mätäçleriň janyny aman galdyrýar.
14 Goraýar sütemden, zorlukdan olaryň janlaryny, nazarynda gymmatly olaryň gany.
15 Patyşa, goý, uzak ýaşasyn! Şeba altynyndan oňa berilsin, onuň üçin elmydama doga okalsyn, uzakly gün oňa alkyş aýdylsyn.
16 Ýurtda galla bolelin bolsun, daglaryň depelerinde, goý, tolkun atsyn, onuň hasyly Liwandaky deý köp bolsun; şäher halky ýaýla oty kimin, goý, pajarlasyn.
17 Onuň ady baky ýaşasyn, Gün astynda onuň ady güllesin, ähli halklar onda ýalkansyn, ähli milletler oňa, goý, bagtly diýsin.
18 Ysraýyl Hudaýyna, Rebbe alkyşlar bolsun! Gudratlary diňe Ol edýär.
19 Onuň şöhratly adyna baky alkyşlar bolsun! Onuň şöhraty tutuş ýeriň ýüzüne dolsun. Omyn! Omyn!
20 Ýyşaý ogly Dawudyň doga-dilegleri tamamlandy.