Bap 44

Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Koragyň nesilleriniň maskili.

Eý, Hudaý, gulagymyz bilen eşitdik; atalarymyzyň döwründe, gadym eýýamda olar bize Seniň edenleriň barada gürrüň berdiler.
2 Milletleri kowup Öz eliň bilen, Sen atalarymyza ýer berdiň. Halklary wes-weýran edip, Sen atalarymyzy ýaýratdyň.
3 Olar ýurdy eýelemediler gylyjy bilen, ýeňşi gazanmadylar gollary bilen – Seniň eliň, goluň, ýüzüňiň nury edendir muny; çünki Sen juda söýdüň olary.
4 Sensiň meniň Patyşam hem-de Hudaýym. Ýakup üçin ýeňişleri Sen buýur.
5 Duşmanlarymyzy basgylarys Seniň kuwwatyň bilen, garşydaşlarymyzy depgiläris Seniň adyň bilen.
6 Men öz ýaýyma bil baglamaýan, meni halas etmeýär meniň gylyjym.
7 Sensiň bizi halas eden duşmanlarymyzdan, Sensiň bizi ýigrenýänleri utanja goýan.
8 Uzakly gün Hudaý bilen magtanýarys Seniň adyňa baky şükür ederis. Sela
9 Ýöne indi bizi taşladyň, utanja goýduň, goşunlarymyz bilen bile gitmeýärsiň Sen.
10 Bizi duşmandan gaçar ýaly etdiň Sen, bizi ýigrenýänler bizi talaýar.
11 Bizi goýun kimin iýmäge berdiň, Sen milletler arasynda bizi pytratdyň.
12 Sen Öz halkyňy haýyrsyz satdyň, olaryň bahasyndan haýyr görmediň.
13 Goňşy halklaryň öňünde biz ýüzügara, göz-gülban etdiň, töwerek-daşa etdiň masgara.
14 Milletleriň diline düşürdiň bizi, halklar ýaýkaýarlar bize başyny.
15 Myjabat ýöňkeýäniň, dil ýetirýäniň sesinden ýaňa, duşmandan we öç alýandan ýaňa, uzakly gün ryswalygym garşymda, meniň ýüzümi utanç büredi.
16
17 Başymyza indi bularyň bary, ýöne unudan däldiris Seni, hyýanat etmedik Seniň ähtiňe.
18 Biziň ýüregimiz Senden dänmedi, ädimlerimiz Seniň ýoluňdan çykmady. Sen bolsa bizi şagallar mekanynda kül-peýekun etdiň, ölüm kölegesi bilen Sen bizi örtdüň.
19
20 Eger Hudaýymyzyň adyny unudan bolsak, bir ýat taňra ellerimizi uzadan bolsak,
21 Hudaýa aýan bolmazmydy bu? Ol bilýär-ä ýürekdäki syrlary!
22 Biz her gün Seniň üçin öldürilýäris, biz damagy çalynjak goýun saýylýarys.
23 Oýan, ýa Taňry, näme üçin uklaýaň? Galk Sen, bizi baky taşlama.
24 Näme üçin Sen ýüzüňi gizleýäň, muşakgat bilen hasratymyzy unudýaň?
25 Biz gara ýere ýazylyp gitdik, indi toprakdan galyp bilemzok.
26 Galk-da, bize kömek et, wepaly söýgiň hatyrasyna bizi halas et.