Bap 122
Maňa «Rebbiň öýüne gideli» diýenlerinde begendim.
2 Eý, Iýerusalim! derwezeleriňden ätledi gadamlarymyz!
3 Iýerusalim bitewi bir şäher dek bina edilen.
4 Ysraýyla berlen kanuna görä, tireler, Reb tireleri ol ýere Rebbe şükürler etmäge gidýär.
5 Ol ýerde kazylyk tagty – Dawut öýüniň tagty bina edilen.
6 «Seni söýýänler aman ýaşasyn! Diwarlaryňyň içinde parahatçylyk bolsun, gala diňlerinde howpsuzlyk bolsun!» diýip,
7 Iýerusalimiň parahatlygy üçin doga-dilegler ediň.
8 Doganlarym bilen ýakynlarymyň hatyrasyna, «Sende rahatlyk bolsun!» diýýärin.
9 Hudaýymyň Rebbiň öýüniň hatyrasyna seniň amanlygyň üçin doga edýärin.