Bap 132
Ýa Reb, ýatla Dawudy hem-de onuň çeken jepalaryny,
2 onuň Rebbe wada berşini, Ýakubyň Gudratly Hudaýyna äht edişini:
3 [3–5] «Reb üçin bir ýer, Ýakubyň Gudratly Hudaýyna mesgen tapýançam, öýüme girmerin, düşegime geçip ýatmaryn, gözlerime uky bermerin, gabaklarymy ymyzgandyrmaryn».
6 Ine, Efratda Äht sandygy barada eşitdik, Ýegarym topragynda biz ony tapdyk.
7 Ýörüň, Onuň mesgenine gideliň, Onuň aýagyna ýykylyp, sežde edeliň.
8 Galk, ýa Reb, gir Sen dynçlyk mekanyňa Öz güýjüňiň nyşany äht sandygy bilen.
9 Ruhanylaryň dogrulyk lybasyna beslensin, sadyklaryň, goý, şatlanyp, nagmalar aýtsyn.
10 Bendäň Dawudyň hatyrasyna, Öz seçip saýlanyňdan Sen ýüz öwürme.
11 Reb Dawut bilen ygtybarly äht baglaşdy, Ol eden ähtinden dänmez: «Seniň zürýatlaryňdan birini oturdaryn seniň tagtyňda.
12 Eger zürýatlaryň berjaý etse ähtimi hem-de olara öwreden düzgünlerimi, olaryň zürýatlary hem seniň tagtyňda oturarlar ebedi».
13 Çünki Reb Siýony seçip saýlady, ony Özüne mesgen etmek isledi:
14 «Bu Meniň baky dynçlyk mekanym, ony küýsedim: şu ýerde mesgen tutaryn.
15 Men onuň azygyny bolelin bereketlärin, onuň mätäçlerini nandan doýraryn.
16 Ruhanylaryny gutulyş lybasyna beslärin, onuň sadyklary şatlanyp, nagmalar aýdar.
17 Men ol ýerde Dawudyň kuwwatyny ösdürjek, Öz saýlanymyň şamçyragyna elmydama nur berjek.
18 Onuň duşmanlaryny ryswalyga bürärin, emma onuň depesindäki täç ýalkymyn saçar».