Bap 112
Rebbe şan-şöhrat bolsun! [ א ] Rebden gorkýan, [ ב ] buýruklaryndan lezzet alýan neneňsi bagtly! [ ג ]
2 Onuň zürýady ýurtda kuwwatly bolar, [ ד ] dogrularyň nesli bereket tapar. [ ה ]
3 Bolelinlik, baýlyk onuň öýünde bolar, [ ו ] dogrulygy dowam eder asyrlarboýy. [ ז
4 Dogry ynsan üçin hatda garaňkyda nur dogar, [ ח ] ol mähriban, dogruçyl we rehimlidir. [ ט ]
5 Jomart, karz berýän ynsan gowudyr, [ י ] ol işlerini adalatly ýola goýýandyr. [ כ
6 Çünki dogry ynsan hiç haçan sarsmaz, [ ל ] müdimilik ol unudylmaz. [ מ ]
7 Ol şum habardan gorkmaz, [ נ ] Rebbe bil baglap, ýüregi sarsmaz. [ ס ]
8 Onuň ýüregi mäkäm, [ ע ] ol asla eýmenmez, iň soňunda duşmanlarynyň ýeňlişin görer. [ פ ]
9 Ol sahylyk bilen paýlady, mätäje berdi, [ צ ] onuň dogrulygy dowam eder ebedi, at-abraýy bilen bile artýar kuwwaty. [ ר ]
10 Erbet adam muny görüp, gazaba münýär, [ ש ] dişini gyjaýar we ruhdan düşýär; [ ת ] erbet adamyň göwün islegleri puç bolar.