Bap 5
Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Üflenip çalynýan saz guralynda. Dawudyň mezmury.Ýa Reb, diňle meniň sözlerimi hem-de eşit meniň ahy-zarymy.
2 Diňle dady-perýadymyň sesini, eý, Patyşam hem-de Hudaýym, men Saňa edýändirin dilegi.
3 Ýa Reb, meniň sesimi ertirine eşidýärsiň Sen, häzirlenip, säher bilen huzuryňda garaşýaryn men.
4 Sen erbetligi halamaýan Hudaýsyň, Seniň huzuryňda ýaman ýaşamaz,
5 tekepbirler Seniň gaşyňda durmaz; Sen ýigrenýärsiň betkärleriň baryny,
6 ýok edýärsiň ýalan sözleýänleri; Sen, ýa Reb, ýigrenýärsiň ganhor bilen kezzaby.
7 Men bolsa egsilmez wepaly söýgiň arkaly, girerin Seniň öýüňe; men Senden heder ederin, mukaddes ybadathanaňa sežde ederin.
8 Ýa Reb, duşmanlarym zerarly, Öz adalatyňda meni ugrukdyr; Sen dogrula öňümdäki ýoluňy.
9 Olaryň agzynda dogry söz ýokdur: olaryň ýüregi weýrançylykdyr, olaryň bogazy açyk gabyrdyr, dilleri bilen-de ýallaklaýandyr.
10 Eý, Hudaý, olara çykar hökümi, pällerinden tapyp, ýykylsyn olar; ýazyklary üçin kowup çykar olary, çünki olar Saňa garşy baş galdyrdylar.
11 Seni pena edinýänleriň bary şatlansyn, elmydama joşup, nagmalar aýtsyn; çünki Sen goraýarsyň olary, adyňa aşyklar Sende şat bolsun.
12 Sen ýalkaýarsyň dogry ynsany, hoşamaýlygyň-da bolýar onuň galkany.