Bap 69

Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Liliýa» äheňinde aýdylýan. Dawudyň mezmury.

Eý, Hudaý, meni halas et, çünki suwlar boýnuma ýetdi.
2 Çuň batgalyga batyp barýaryn, aýagymy diremäge hiç ýer ýok. Çuň suwlara girdim, siller meni öz girdabyna saldy.
3 Men öz perýadymdan halys ýadadym, gurap galdy meniň damagym; Hudaýyma garaşa-garaşa gözüm küteldi.
4 Meni nähak ýere ýigrenýänleriň sany başymyň saçyndan hem köp; janyma kast etmekçi bolup, ýalan ýere maňa günä ýapýan ýagylarym köp. Men ogurlamadyk zadymy gaýtaraýynmy?
5 Eý, Hudaý, Saňa mälimdir meniň akmaklygym, Senden gizlin däldir meniň günälerim.
6 Eý, Hökmürowan Reb, Gudratygüýçli! Saňa umyt baglaýanlar men zerarly, goý, utanmasyn; Eý, Ysraýyl Hudaýy, Seni agtarýanlar men zerarly, goý, uýalmasyn.
8 Men doganlaryma gelmişek boldum, ejemiň ogullaryna keseki boldum.
9 Seniň öýüňe bolan yhlas meni köýdürdi, Saňa dil ýetirýänleriň gybaty başyma indi.
10 Agyz bekläp, gözýaş döküp, ruhumy syndyranymda, bularyň bary maňa gyjalat boldy.
11 July eşik edinenimde, olaryň agyz-diline düşdüm.
12 Derwezede oturanlar meniň gybatym edýär, serhoşlar men barada aýdymlar düzýär.
13 Ýa, Reb hoşamaýlyk et-de, dogamy eşit. Öz söýgiňe görä, halas ediş güýjüňiň wepalylygynda maňa jogap ber.
14 Halas et, men batgalyga batmaýyn; meni ýigrenýänlerden, suwlaryň çuňlugyndan halas bolaýyn.
15 Sil suwlary meni girdabyna salmasyn, çuňluk meni, goý, ýuwutmasyn, gabyr üstümden öz agzyny ýummasyn.
16 Ýa Reb, maňa jogap ber, çünki Seniň wepaly söýgiň ýagşydyr; bolelin merhemetiňe görä, maňa nazar sal.
17 Sen guluňdan Öz ýüzüňi gizleme, ejir çekýärin, tizräk jogap bersene!
18 Maňa ýakynlaş hem-de halas et, duşmanlarymyň elinden meni azat et.
19 Sen bilýärsiň men babatda aýdylýan ýaman gepleri, meniň utanjymy, betnamlygymy. Sen bilýärsiň ähli duşmanlarymy.
20 Ryswalyk ýüregimi perişan etdi – men ruhdan düşdüm. Tessellä garaşdym, emma bolmady; göwünlik berjekleri agtardym, emma tapmadym.
21 Olar nahar ýerine maňa öt berdi, suwsanymda sirke içirdi.
22 Olara öz saçagy, goý, duzak bolsun, myhmanlary üçin bir gapan bolsun.
23 Goý, gözleri garaňkyrasyn, görüp bilmesin, olar elmydama, goý, sandyrasyn.
24 Olaryň üstüne Öz gazabyňy dök, gaharyňyň ody olaryň üstüne insin.
25 Goý, olaryň öýleri çolaryp galsyn, çadyrlarynda hiç kim mesgen tutmasyn.
26 Çünki olar Seniň uranlaryňy yzarlaýarlar, ýaralan adamlaryňyň agyrysy barada gürrüň edýärler.
27 Sen olaryň jezasyna jeza goş, olar Sen tarapdan, goý, aklanmasyn.
28 Ýaşaýyş kitabyndan olaryň ady bozulsyn, olar dogrular bilen bile, goý, ýazylmasyn.
29 Emma men bir mätäç, ejir çekýärin, eý, Hudaý, halas et we gora meni.
30 Men nagmada Hudaýyň adyny öwjek, Ony şükürler bilen arşa çykarjak.
31 Bu has köp ýarar Rebbiň göwnüne şahly, toýnakly öküzden ýa-da bugadan.
32 Pes göwünliler muny görüp begensin, eý, Hudaýy agtarýanlar, ýüregiňiz galkynsyn.
33 Çünki Reb mätäçleri eşidýär, Öz ýesir halkyny gözden salmaýar.
34 Goý, Ony şöhratlandyrsyn asman bilen ýer, deňizler we olardaky ähli janly-jandarlar.
35 Çünki Hudaý halas eder Siýony, dikelder Ýahudanyň şäherlerini, olar ornaşyp, şol ýere eýelik ederler.
36 Bendeleriniň zürýady ol ýeri miras alarlar, Onuň adyny söýýänler şol ýerde mesgen tutarlar.