Bap 56
Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Uzakdaky dub agajynyň üstünde oturan kepderi» mukamynyň äheňinde çalynýan. Gat şäherinde piliştliler Dawudy tutanlarynda, onuň aýdan miktamy.Eý, Hudaý, maňa merhemet eýle, çünki adamlar meni depgileýärler; duşmanlar uzakly gün maňa sütem edýärler.
2 Duşmanlarym uzakly gün meni depgileýärler, çünki meniň bilen uruşýanlar köp, eý, Beýik Hudaý!
3 Men gorka düşenimde Saňa bil baglaýandyryn.
4 Hudaýy Onuň wadasy üçin şöhratlandyrýaryn, Oňa bil baglap, gorkmaýaryn men; ynsan maňa näme edip bilsin?
5 Olar uzakly gün ýoýýar meniň sözlermi, maňa zyýan etmäge gönükdirilen bar niýetleri.
6 Olar dil düwüşýär hem-de gizlenýär, janymy almak üçin meni aňtaýar.
7 Eýsem olar günä etse-de, gaçyp gutularmyka? Eý, Hudaý, gazabyňda boýun egdir halklary!
8 Sergezdan gezen günlerim Sende sanalgy, meniň gözýaşlarym Sende ýazylgy; olar Seniň kitabyňda ýazylgy dälmi?
9 Seni çagyranymda duşmanlarym yzyna dönýär; bilýärin: Hudaý – tarapdarymdyr.
10 Hudaýa–wadasy üçin şöhratlandyrýaryn, Rebbe – wadasy üçin şöhratlandyrýaryn,
11 Hudaýa bil baglaýan, gorkmaýaryn men; ynsan maňa näme edip bilsin?
12 Eý, Hudaý, Saňa beren kasamlarymy berjaý ederin, Saňa şükür gurbanlaryny hödür ederin.
13 Çünki Sen janymy ölümden halas eýlediň; ýaşaýyş nurunda Hudaý öňünde gezerim ýaly, Sen aýaklarymy büdremekden sakladyň.