Bap 34

Men Rebbe hemişe alkyş aýdaryn, Oňa öwgi elmydama agzymda bolar.
ב
2 Reb bilen meniň janym magtanar, pespäller eşider hem-de şat bolar.
ג
3 Meniň bilen bile Rebbi öweliň, beýgeldeli bilelikde Onuň adyny.
ד
4 Men Rebbi agtardym, Ol jogap berdi hem-de ähli howplardan meni halas eýledi.
ה
5 Oňa nazar salyň, nurlanarsyňyz, asla utandyrylmaz siziň ýüzüňiz.
ז
6 Men-biçäre Rebbi çagyrdym, Ol hem eşitdi, meni ähli azaplarymdan halas eýledi.
ח
7 Reb perişdesi Ondan gorkýanlary gurşaýar, olary bela-beterden halas eýleýär.
ט
8 Dadyp görüň Reb ýagşylygyny, Ony pena edinýän nähili bagtly!
י
9 Rebden gorkuň, eý, Onuň mukaddesleri, Ondan gorkýanlaryň ýok mätäçligi.
כ
10 Hatda ýolbarslar hem çekýär ejir bilen açlygy, Rebbi agtarýanlar bolsa çekmez hiç mätäçligi.
ל
11 Geliň, eý, ogullarym, diňläň siz meni, öwredeýin size Rebden gorkmagy.
מ
12 Ynsan ýagşylygy göreri ýaly, isleýärmi ýaşamaklygy? Arzuw edýärmi uzak bir ömri?
נ
13 Ýamanlykdan sakla sen öz diliňi we hileli gepden – dodaklaryňy;
ס
14 ýamanlykdan aýryl, et sen ýagşylyk, parahatlyk agtar, onuň yzyndan galma.
ע
15 Dogry adamlarda Rebbiň gözleri, perýatlaryna açyk Onuň gulagy.
פ
16 Rebbiň ýüzi betkärlere garşydyr; olary ýatlamadan ýer ýüzünde nyşan galdyrmaz.
צ
17 Reb eşidýär dogrular perýat edende, Ol olary ähli muşakgatlaryndan halas eýleýär.
ק
18 Reb kalby synyklara ýakyndyr; ruhdan düşenleri halas edýändir.
ר
19 Dogry ynsanyň dertleri köpdür, emma Reb ählisinden ony halas eýleýär.
שׁ
20 Onuň ähli süňklerini goraýar, olaryň biri hem döwülmez.
ת
21 Ýamanlyk erbet adamy öldürer, dogry adamy ýigrenýän höküm ediler.
22 Reb Öz bendelerini halas edýändir, Ony pena edinýänleriň hiç biri höküm edilmez.