Bap 91
Beýik Hudaýyň penasynda ýaşaýan ynsan Gudratygüýçliniň kölegesini mesgen ediner.
2 Rebbe diýerin: «Meniň penam hem-de berkitmäm, meniň Hudaýym, özümiň bil baglaýanym».
3 Ol halas eder seni awçyň torundan hem-de heläkleýji mergiden.
4 Ol perleri bilen seni basyrar; ganatlarynyň astynda pena taparsyň, Onuň wepadarlygy galkan, sowutdyr.
5 Gorkmarsyň gijäniň howp-hataryndan ýa-da gündiz uçýan peýkamdan,
6 tümlükde assyrynlyk bilen gelýän mergiden ýa günortan çagy tozdurýan weýrançylykdan.
7 Gapdalyňda müň adam, sagyňda on müň adam ýykylar, emma bu zatlar saňa ýanaşmaz.
8 Sen gözleriň bilen ýöne gararsyň, erbetleriň jezalaryny görersiň.
9 Sen Rebbe: «Meniň penamsyň» diýip, Beýik Hudaýy özüňe mesgen edindiň.
10 Şoňa görä ýamanlyk saňa asla ýanaşmaz, bela-beter çadyryňyň ýanyna gelmez.
11 Seni ähli ýollaryňda goramak üçin, perişdelerine sen babatda Ol emr eder.
12 Aýagyň daşa büdremez ýaly, olar seni ellerinde göterer.
13 Arslany, ýylany sen depgilärsiň, ýolbarsy, alahöwreni sen basgylarsyň.
14 Reb diýýär: «Meni söýýänleri halas ederin, adymy bilýänlere pena bolaryn.
15 Meni çagyranlarynda jogap bererin. Muşakgatlarda olar bilen bolaryn, azat edip, şan-şöhrata beslärin.
16 Olara uzak ömür bagyş ederin olara halas edişimi Men görkezerin».