Bap 111
Rebbe şan-şöhrat bolsun! [א ]Men dogrularyň mejlisinde we jemagatda [ ב ] tutuş kalbym bilen Rebbe şükür ederin. [ג ]
2 Beýikdir Rebbiň işleri, [ד] olary agtarýar bar muşdaklary. [ה ]
3 Onuň işi dabaradan, şöhratdan doly, [ו ] Onuň dogrulygy dowam edýär ebedi. [ז]
4 Ol ýatdan çykmajak gudratly işleri etdi, [ח] Reb merhemetli hem-de rehimli. [ט]
5 Ol Özünden gorkýanlara berýär rysgaly, [י] eden ähti ýadyndadyr müdimi. [כ]
6 Ol halkyna işleriniň gudratyny görkezdi: [ל] milletleriň mirasyny olara berdi. [מ]
7 Onuň elleriniň işleri wepaly we adalatly, [נ] Onuň bar buýruklary ygtybarlydyr. [ס]
8 Elleriniň işleri berkarar edildi asyrlarboýy, [ע] wepalylyk we dogrulyk olaryň binýatlary. [פ]
9 Reb Öz halkyny halas eýledi, [צ] Öz ähtini baky buýurdy; Onuň ady mukaddes hem-de wehimli. [ר]
10 Rebden gorkmak – danalyk başy, [ש] muny amal edýänleriň düşünjeleri dogry. [ת] Onuň senasy dowam edýär asyrlarboýy.