-Reset+

Chapter 1

1 [1–2] Rebbiň kanunyndan lezzet alýan, gije-gündiz şol barada oýlanýan bagtlydyr! Ol erbetleriň maslahatyna gitmeýär, günäkärleriň ýolundan ýöremeýär, ýaňsylaýjylaryň arasynda oturmaýar.
3 Ol akar suwlar ýakasynda ekilen, miwesini möwsüminde getirýän, ýapragy solmaýan agaç kimindir; ähli edýän işi oňuna bolýar.
4 Erbetler bolsa beýle däldir, olar ýeliň sowran harpygy ýalydyr.
5 Şoňa görä, erbetler höküm çykarylanda, günäliler-de dogrular mejlisinde durup bilmezler.
6 Çünki Reb dogrularyň ýoluny gözden salmaýar, erbetleriň ýoly bolsa heläkçilige eltýändir.