Bap 87

Koragyň nesillerine. Mezmur. Nagma.
2 Reb şäheriniň binýady mukaddes daglardadyr. Reb söýýär Ýakup halkynyň ähli mesgenlerini, aýratyn-da – Siýonyň derwezelerini.
3 Eý, Hudaý şäheri! Sen hakda şöhratly zatlar aýdylýar. Sela
4 Reb şeýle diýýär: «Özümi tanaýanlaryň ýanynda Men Rahaby we Babyly agzaýyn, Pilişt, Sur, Efiopiýa ýurtlaryny ýatlaýyn; Diýýärler: „Bu adam Siýonda doglan“».
5 Siýon babatda şeýle aýdylar: «Bu adam hem, ol adam hem şu ýerde doglan». Beýik Hudaýyň hut Özi ony berkarar eder.
6 Reb «Bu adam Siýonda doglan» diýip, halklaryň sanawyny ýazanda bellär. Sela
7 «Meniň ähli gözbaşlarym Siýonda» diýip, bagşylar we tansçylar biragyzdan aýdar.