Bap 61
Eý, Hudaý, eşit dat-perýadymy hem-de diňle meniň dogamy.
2 Meniň kalbym gam laýyna batanda, Seni çagyrýaryn ýeriň ujundan; çykyp bilmejek gaýama Sen meni çykar.
3 Çünki Sen meniň penamsyň, duşmana garşy mäkäm galamsyň.
4 Men çadyryňda baky mesgen tutaýyn, ganatlaryňyň astynda pena tapaýyn. Sela
5 Sen, eý, Hudaý, eden kasamlarymy eşitdiň, Öz adyňdan gorkýanlar üçin niýetlenen mirasy Sen maňa berdiň.
6 Şa ömrüniň günlerine günler goş, günlerini uzalt nesilden-nesle!
7 Goý, ol Hudaýyň huzurynda tagtda baky otursyn, söýgi bilen wepadarlyk ber, goý, olar ony gorasyn!
8 Günde berjaý edip kasamlarymy, Seniň adyňa nagma aýdaryn baky.