Bap 103
Rebbe alkyş aýt, eý, meniň köňlüm, mukaddes adyny alkyşla, eý, tutuş jan-bagrym.
2 Rebbe alkyş aýt, eý, meniň janym, Onuň eden ýagşylyklaryny asla unutma.
3 Ähli günäleriňi Ol bagyşlaýar, ähli dertleriňe Ol şypa berýär.
4 Ömrüňi gabyrdan halas eýleýär, wepaly söýgi, merhemet jygasyny saňa geýdirýär.
5 Seni ömürboýy ýagşylyklar bilen Ol razy edýär: bürgüdiňki ýaly täzelenýär seniň ýaşlygyň.
6 Reb ezilenleriň ählisi üçin berjaý edýär hak-adalaty.
7 Ol Musa görkezdi Öz ýollaryny, ysraýyl halkyna – Öz işlerini.
8 Reb rehimdar we merhemetli, giň göwünli, wepaly söýgä baýdyr.
9 Ol bizi hemişe ýazgaryp durmaz, Öz gaharyny baky saklamaz.
10 Ol bize günälerimize görä garanok, ýazyklarymyza görä Ol gaýtaranok.
11 Çünki gökler ýerden nähili belentde bolsa, Rebbiň wepaly söýgüsi Ondan gorkýanlara şonça-da beýik.
12 Gündogar günbatardan nähili uzakda bolsa, şonça-da Ol günälerimizi bizden aýyrýar.
13 Atanyň öz ogullaryna rehim edişi kimin, Reb hem Ondan gorkýanlara edýär rehimi.
14 Çünki niçik ýaradylandygymyzy Ol bilýär, biziň bir toprakdygymyz ýadyna düşýär.
15 Ynsan ömri ota meňzeýär, meýdan güli kimin olar gülleýär,
16 üstünden şemal öwüsýär: ol hem ýok bolýar; öňki ýeri ony indi hiç tanamaýar.
17 Emma ezelden ebedä çenli Rebden gorkýanlara Onuň wepaly söýgüsi. Onuň dogrulygy hem çagalarynyň çagalaryna:
18 Onuň ähtini saklaýanlara, buýruklaryny berjaý etmegi unutmaýanlara.
19 Reb tagtyny göklerde berkarar etdi, Onuň şalygy ähli ýere hökmürowandyr.
20 Eý, Rebbiň edermen perişdeleri – Onuň buýruklaryny berjaý edýänler, Onuň aýdan sözüne tabyn bolýanlar, Rebbi alkyşlaň!
21 Eý, Onuň islegini berjaý edip, Oňa hyzmat edýän melekleri, Rebbi alkyşlaň!
22 Eý, Onuň höküm sürýän ýerlerindäki ýaradan zatlarynyň ählisi, Rebbi alkyşlaň! Eý, janym, Rebbi alkyşla!