Bap 107
«Rebbe şükür ediň, çünki Ol ýagşy, Onuň söýgüsi baky!» –
2 diýip, Rebbiň azat edenleri, goý, aýtsyn. Ol olary duşman elinden halas eýledi,
3 olary ýat ýurtlardan ýygnap jemledi: gündogardan hem günbatardan demirgazykdan hem günortadan.
4 Olar çöl-beýewanda sergezdan boldy, ilatly şähere eltýän ýoly tapyp bilmedi.
5 Açlygyň, teşneligiň derdinden ýaňa, olarda ysgyn-mydar galmady.
6 Olar görgi içinde Rebbe dat-perýat etdi, Ol hem muşakgatlaryndan halas eýledi.
7 Olar mesgen tutar ýaly şähere baryp ýetýänçä, Ol olary göni ýoldan ýöretdi.
8 Rebbiň wepaly söýgüsi üçin, adamzada edýän ajaýyp işleri üçin, goý, olar Oňa şükürler etsin.
9 Çünki Ol teşne jany gandyrýar, ajygany näz-nygmatdan doýurýar.
10 Olar garaňkylykda we tümlükde ýaşady, zynjyrlara, jebir-jepa baglandy.
11 Çünki olar Hudaý sözüne tabyn bolmandy, Beýik Hudaýyň öwüdine äsgermezlik edipdi.
12 Reb agyr zähmet arkaly olary boýun egdirdi: ýykyldylar, asla ýardam beren bolmady.
13 Olar muşakgatlarynda Rebbi çagyrdy, Ol hem görgülerinden halas eýledi.
14 Olary garaňkylykdan we tümlükden çykardy, olaryň zynjyrlaryny gyryp taşlady.
15 Rebbiň wepaly söýgüsi üçin, adamzada edýän ajaýyp işleri üçin, goý, olar Oňa şükürler etsin.
16 Çünki Ol bürünç derwezeleri çym-pytrak etdi, demir söýeleri ikä bölüp taşlady.
17 Öz günäli ýollary we etmişleri zerarly, akylsyzlar jebir-jepalar çekdi.
18 Olar iýmitiň islendigini ýigrendi, ölüm derwezeleriniň agzyna bardy.
19 Olar muşakgatlarynda Rebbi çagyrdy, Ol hem görgülerinden halas eýledi.
20 Ol sözüni iberdi we şypa berdi, olary gabra inmekden halas eýledi.
21 Rebbiň wepaly söýgüsi üçin, adamzada edýän ajaýyp işleri üçin, goý, olar Oňa şükürler etsin,
22 şükür gurbanlaryny, goý, hödürlesin, Onuň işlerini şatlyk nagmasynda beýan eýlesin.
23 Deňizdäki gämilerde ýüzýänler, haýbatly suwlarda söwda edýänler
24 Rebbiň işlerini, çuňluklardaky ajaýyp işlerini gördüler:
25 Ol buýurdy-da, tupanly gaý turuzdy, ol hem deňziň tolkunlaryny galkdyrdy.
26 Gämiçiler göge galdy, çuňluga indi, gorkudan ýaňa janlary çykara geldi.
27 Serhoş kimin yranyp entirekledi, akyl-huşlary başyndan uçdy.
28 Olar muşakgatlarynda Rebbi çagyrdy, Ol hem görgülerinden halas eýledi.
29 Ol tupany asudalyga öwürdi, deňiz tolkunlary hem köşeşdi.
30 Şatlandylar, çünki ümsümlik boldy, Ol olaryň islän gämi duralgasyna ýetirdi.
31 Rebbiň wepaly söýgüsi üçin, adamzada edýän ajaýyp işleri üçin, goý, olar Oňa şükürler etsin.
32 Olar halk jemagatynda Ony beýgeltsin, ýaşulular mejlisinde Ony şöhratlandyrsyn.
33 Reb ýurt ilatynyň erbetlikleri zerarly, derýalary öwürýär çölüstanlyga,
34 suwuň gözbaşlaryny – teşne topraga, bereketli topragy – şorluk ýerlere.
35 Ol çöli öwürýär kak köllerine, gurak topragy – suw gözbaşyna.
36 Ol şol ýerde aç-suwsuzlary ýaşadýar, olar hem ýaşamak üçin şäher gurunýar.
37 Olar meýdanlara ekin ekýär, üzüm baglaryny oturdýar hem-de boldan – bol hasyly alýar.
38 Hudaý berekedi arkaly olar köpelýär, Ol mal-garalaryny hiç azaltmaýar.
39 Emma mätäçler ezýet, muşakgat, hasrat zerarly, azalyp, boýun egdirilende,
40 Ol şazadalaryň üstüne betnamlyk guýýar, olary ýol-ýodasyz çölde sergezdan edýär.
41 Mätäji bolsa görgülerinden dyndyrýar, onuň maşgalasyny süri kimin köpeldýär.
42 Ýüregi dogrular muny görüp şatlanýar, erbetler bolsa agzyny ýumýar.
43 Paýhasy bolan muňa üns bersin, Rebbiň wepaly söýgüsini aňlasyn.