Bap 143
Ýa Reb, dogamy eşit, dady-perýadyma gulak goý; Öz wepalylygyňda we dogrulygyňda, maňa jogap ber!
2 Öz bendäň bilen dawa girişme, çünki dirileriň hiç biri Seniň öňüňde aýypsyz çykmaz.
3 Duşmanlar aňtaýar meniň janymy, ýer bilen ýegsan etdiler ýaşaýyşymy, gadymyýetde ölenler kimin, olar tümlükde oturtdy meni.
4 Şoňa görä, ruhum sustlandy, meniň ýüregim sarsdy.
5 Gadymky günleri ýada salýaryn, Seniň ähli edenleriň barada oýa batýaryn, Seniň elleriňiň işi barada pikir edýärin.
6 Saňa tarap ellerimi gerýärin. Janym gurak toprak deý Saňa teşnedir. Sela
7 Ýa Reb, maňa tizräk jogap beräý-dä! Meniň ruhum ysgyndan düşýär! Gabra inýänlere meňzemez ýaly, menden gizleme Sen Öz ýüzüňi.
8 Ertirlerine maňa duýdur wepaly söýgüňi, çünki Saňa baglaýan bili. Maňa bildir ýöremeli ýolumy, çünki men Saňa intizardyryn.
9 Ýa Reb, duşmanlarymdan halas et meni, men Seni pena edinýändirin!
10 Maňa Öz yradaňy berjaý etmegi öwret, çünki meniň Hudaýym Sensiň! Seniň ýagşy Ruhuň düz ýoldan meni äkitsin!
11 Ýa Reb, Öz adyň hatyrasyna, gora Sen ýaşaýyşymy! Öz dogrulygyňyň hatyrasyna, muşakgatdan halas eýle janymy!
12 Öz wepaly söýgiňiň hatyrasyna, meniň duşmanlarymy heläk edersiň; janyma ezýet berýänleriň baryny weýran edersiň, çünki men Seniň bendäňdirin.