Bap 2

Milletler arasyndaky başbozarlyk, halklaryň biderek hüňürdemeleri näme?
2 Rebbe we Onuň saýlanyna garşy dünýä şalary aýaga galýar; hökümdarlar birigýär we baş galdyrýar.
3 Olar şeýle diýýär: «Sypyryp taşlalyň gandallaryny hem-de gyraly zynjyrlaryny».
4 Göklerde oturan Taňry olaryň üstünden gülýär hem-de olary masgaralaýar.
5 Şonda olara gahar bilen ýüzlener, gazabynda olary eýmendirer:
6 «Mukaddes dagym Siýonda Mendirin Öz patyşamy oturdan».
7 Patyşa: «Men Rebbiň permanyny yglan edeýin» diýýär. «Sen Meniň oglumsyň, – diýdi Ol maňa – bu gün Ata boldum Men saňa.
8 Menden dile, saňa bereýin milletleri miras hökmünde, tutuş älem-jahany mülk hökmünde.
9 Sen olary demir hasaň bilen döwersiň; küýzegäriň golçasy deý çym-pytrak edersiň».
10 Şeýlelikde, eý, patyşalar, paýhasly boluň; dünýä hökümdarlary, şundan habarly boluň:
11 Rebbe gulluk ediň siz gorky bilen: hem galpyldaň, hem-de şatlanyň.
12 Ogly öpüň, ýogsa ol gazaba müner, siz hem heläk bolarsyňyz öz ýoluňyzda, çünki tiz tutaşýar onuň gazaby. Ony pena edinýänleriň ählisi bagtly.