Bap 129
«Maňa ýaşlygymdan bäri köp hüjüm etdiler – – diýip, indi Ysraýyl aýtsyn. –
2 Maňa ýaşlygymdan bäri köp hüjüm etdiler. Ýöne menden üstün çykmadylar.
3 Sürümçiler meniň arkamy sürdüler, olar uzyn keşlerini çekdiler».
4 Emma wepaly Reb erbetleriň tanaplaryny gyryp taşlady.
5 Siýony ýigrenýänleriň ählisi goý, utanyp, yzyna dönsün.
6 Goý, olar üçekde gögerip, güllemänkä solýan ot kimin bolsun.
7 Ondan orakçy gysymyny doldurmaz, desse bogýan gujagyny doldurmaz.
8 «Çäjiňe bereket! Ömrüňe bereket!» diýip, ötegçi aýtmaz.