Bap 75

Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Heläk etme» äheňinde aýdylýan. Asafyň mezmury. Nagma.

Eý, Hudaý, Saňa şükür edýäris, Sen Öz barlygyňy aýan edýäň, şükür edýäris, Biz Seniň gudratlaryň hakda aýdýarys.
2 Diýýärsiň: «Öz bellän wagtym gelende, ýüz görmezlik bilen höküm çykararyn Men.
3 Ýer we onuň ilaty titrän wagtynda, Liwýatan – gadymy rowaýatlardaky deňiz peläketi. Sözlüge seret. Seniň gudratlaryň hakda aýdýarys – bu sözlem käbir gadymy golýazmalardan alnandyr. Ol başga golýazmalarda Seniň gudratlaryňy jar edýärler görnüşinde duş gelýär. Mendirin onuň direglerini berkiden» Sela
4 Öwünjeňlere: «Öwünmäň» diýýän, erbetlere: «Güýjüňize daýanmaň» diýýän.
5 Siz öz kuwwatyňyza magtanmaň, ýeňsäňizi dim-dik tutup gürlemäň.
6 Çünki ýeňiş ne gündogardan, ne günbatardan, ne-de çöldendir.
7 Kazylyk edýän diňe Hudaýdyr, birini peseldip, birini beýgeldýän Oldur.
8 Çünki käse Rebbiň elinde, ol güýçli garylyp, köpükleýän şerapdan doly. Reb gazaby we şeraby käseden guýar: ýer ýüzüniň ähli erbetleri, ony löderesine çenli içerler.
9 Men bolsa elmydama beýan ederin, Ýakubyň Hudaýyna nagma aýdaryn.
10 Ol erbetleriň ähli kuwwatyny syndyrar, dogrularyň kuwwatyny bolsa Ol belende galdyrar.