Bap 141
Ýa Reb, Seni çagyrýaryn, tiz dadyma ýetiş dat-perýadymyň sesini eşit!
2 Huzuryňda dogam saýylsyn hoşboý tüsse deý, ellerimi galdyryşym – agşam gurbanlygy deý.
3 Ýa Reb, garawul goý meniň agzyma, meniň dilimi gora.
4 Ýüregim ýamanlyga ýykgyn bolmasyn, günä edýän adamlar bilen erbet işleri etmäýin, olaryň näz-nygmatlaryndan asla datmaýyn.
5 Goý, dogry ynsan meni ursun, bu ýagşylykdyr, goý, maňa ol käýesin, bu başyma ýakymly ýag kimindir, meniň başym ony, goý, ret etmesin. Dogrudan-da, erbetleriň işlerine garşy dileg edýärin.
6 Olaryň baştutanlary gaýadan aşak zyňlanda, meniň sözlerimi eşider, çünki olar ýakymly.
7 Biriniň ýer sürende topragy agdarşy ýaly, biziň-de süňklerimiz ölüler dünýäsiniň agzynda çaşar.
8 Meniň gözlerim Saňa dikilgi, ýa Hökmürowan Reb! Seni pena edinýärin, meni goragsyz goýma!
9 Meni gora olaryň duzaklaryndan hem-de betkärleriň – gapanlaryndan.
10 Goý, erbetler öz torlaryna düşsün, men bolsa sag-aman geçip gideýin.