Bap 47

Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Koragyň nesilleriniň mezmury.
2 Eý, ähli halklar, el çarpyşyň! Eý, patyşa, Hudaýyň saňa beren şalygy ýa-da Eý, Hudaý, Seniň tagtyň Hudaýa heşelle kakyň!
3 Beýik Hudaý–Rebden gorkmalydyr, çünki Ol bütin ýer ýüzüniň Beýik Şasydyr.
4 Ol halklary biziň golastymyza berdi, milletleri aýak astymyza çökerdi.
5 Reb saýlap-seçip, bize ýurt berdi, biz – Onuň söýýän halky. Sela
6 Hudaý halkyň şadyýan sesleri bilen, Reb surnaýlaryň sesleri bilen ýokary çykýar.
7 Nagma aýdyň, nagma aýdyň Hudaýa, nagma aýdyň, nagma aýdyň Şamyza!
8 Çünki Hudaý tutuş ýeriň Şasydyr, Oňa mezmur bilen nagmalar aýdyň.
9 Milletlere hökümini ýöredýär Hudaý, Öz mukaddes tagtynda oturýar Hudaý. [10] Ybraýym Hudaýynyň halkyna goşulmak üçin, halklaryň asylzadalary ýygnanyşdylar; çünki tutuş ýeriň şalary Hudaýyňkydyr; Ol belende galdyrylandyr.