Bap 102
Derde batan we arzyny Rebbiň öňüne dökýän görgüliniň dogasy
2 Ýa Reb, dogamy eşit, Saňa ýetsin meniň perýadym.
3 Kyn günümde menden ýüzüňi sowma, gulak goý maňa, çagyran günümde maňa tizräk jogap bersene.
4 Çünki günlerim tüsse deý ýitýär, süňklerim tutaşan odun dek ýanýar.
5 Ýüregim ýaraly, ot dek gurady, mende çörek iýmäge ysgyn galmady.
6 Iňňildimiň zaryndan ýaňa, meniň derim süňklerime ýapyşýar.
7 Men çöl-beýewandaky bir hüwi ýaly, harabalykdaky bir baýguş ýaly.
8 Gözüme asla gelmeýär uky, men üçekdäki ýalňyz guşjagaz ýaly.
9 Uzakly gün duşmanlarym meni ýaňsylaýarlar, üstümden gülýänler adymy näletleýärler.
10 Seniň gahar-gazaplaryň zerarly, küli çörek kimin iýýärin, gözýaşlarym garylan içgi içýärin.
11 Sen meni göterip, gyra taşladyň.
12 Agşam kölegesi deý meniň günlerim, men ot kimin saralyp soldum.
13 Sen bolsa, ýa Reb, tagtda otyrsyň baky, Seniň adyň dowam eder nesillerboýy.
14 Sen galkarsyň, Siýona rehim edersiň, çünki oňa merhemet etmek wagtydyr; ýetip geldi bellenen wagt.
15 Seniň bendeleriň onuň daşlaryny eziz görýärler, onuň weýranlygyna haýpy gelýärler.
16 Milletler gorkar Rebbiň adyndan, dünýä şalary gorkar Onuň şan-şöhratyndan.
17 Sebäbi Reb Siýony gaýtadan gurar, şan-şöhratynda Ol peýda bolar.
18 Dykgat berer pukaranyň dogalaryna, äsgermezlik etmez olaryň doga-dilegne.
19 Indi doguljaklar Rebbi şöhratlar ýaly, goý, bu geljek nesil üçin ýazgy edilsin.
20 Çünki tussaglaryň ahy-zaryny eşitmek üçin, ölüme höküm edilenleri boşatmak üçin,
21 Reb mukaddes belentliginden aşak seretdi, Ol göklerden ýere nazar aýlady.
22 Ol halklar, şalyklar Rebbe sežde etmäge üýşenlerinde,
23 Siýonda Rebbiň adyny, Iýerusalimde şan-şöhratyny yglan etsinler diýip, şulary etdi.
24 Ol orta ýolda meni tapdan düşürdi, Ol meniň günlerimi gysgaltdy.
25 Diýýärin: «Eý, meniň Hudaýym, ömrümiň ýarynda dünýäden alma. Seniň ýyllaryň dowam edýär nesillerboýy».
26 Sen gadymyýetde ýeriň binýadyn tutduň, gökler hem Seniň elleriňiň işidir.
27 Olar ýitip gider, Sen bolsa dowam edersiň, olar köne eginbaş kimin dargap giderler; Sen olary eginbaş kimin çalşarsyň, olar geçip giderler.
28 Emma Seniň şol öňküligiň, soňy ýokdur Seniň ýyllaryň. [29] Seniň bendeleriňiň çagalary asuda ýaşar, olaryň zürýatlary huzuryňda berkarar bolar.