Bap 108
Ýüregim sarsmaz, eý, Hudaý, sarsmaz meniň ýüregim: men nagmalar aýdyp, mukam çalaryn.
2 Oýan sen, eý, meniň ýüregim. Oýanyň, arfa hem kinor! Men daňy oýararyn nagmalar bilen.
3 Ýa Reb, halklar arasynda Saňa şükür ederin, milletler arasynda Saňa nagma aýdaryn.
4 Çünki Seniň söýgiň göklere ýetýär, wepalylygyň bulutlara direýär.
5 Eý, Hudaý, göklerden-de ýokary beýgel, tutuş ýer ýüzüne dolsun Seniň şöhratyň!
6 Öz söýýänleriňiň gutulyp bileri ýaly, goluň bilen halas et, maňa jogap ber.
7 Wada berdi Hudaý Öz mukaddes öýünden: «Uly şatlyk bilen Men Şekemi bölerin hem-de Sukot deresini ölçärin.
8 Gilgat Meniňki, Manaşe Meniňki, Efraýym – tuwulgam, Ýahuda – patyşalyk hasam.
9 Mowap – ýuwunmak üçin legenim, Edomyň üstüne zyňaryn Men çarygymy. Pilişt topragynda ýeňiş dabarasy bilen gygyraryn Men».
10 Berk gala kim meni elter? Meni Edoma kim alyp gider?
11 Eý, Hudaý, Sen bizi ret etdiň, Eý, Hudaý goşunlarymyz bilen gitjek dälmi Sen?
12 Duşmanlarymyzy ýeňmäge bize kömek et, sebäbi ynsan kömegi biderek zatdyr.
13 Hudaý arkaly ýeňiş gazanarys, duşmanlarymyzy depelejek Oldur.