Bap 3
Dawudyň öz ogly Abşalomdan gaçan mahaly aýdan mezmuryÝa Reb! Duşmanlarym neneň köpeldi! Maňa garşy baş göterýänleriň sany kän.
2 Köpler men babatda şeýle diýýärler: «Hudaý ony halas eýlemez». Sela
3 Emma Sen, ýa Reb, daşymda bir galkansyň, şan-şöhratym, başymy dikeldýän Sensiň.
4 Men Rebbe edýärin dady-perýady, Ol mukaddes dagyndan maňa berýär jogaby. Sela
5 Men ýatýaryn hem-de uka gidýärin, sag-aman oýanýaryn, çünki Reb goldaýar meni.
6 Çar tarapdan meniň garşyma çykan biçak köp duşmandan gorkmaýaryn men.
7 Galk Sen, ýa Reb! Eý, Hudaýym, halas et meni! Ähli duşmanlarymyň äňine urýaň, erbetleriň dişlerini kül-owram edýäň.
8 Ýeňiş Rebdendir, berekediň Seniň halkyňyň üstünde bolsun. Sela