Bap 116
Rebbi söýýärin, çünki Ol eşitdi sesimi, dat-perýadymy.
2 Ol maňa gulak goýandygy sebäpli, Ony çagyraryn men ömürboýy.
3 Ölüm tanaplary maňa oraldy, ölüler dünýäsiniň sütemleri üstüme indi, meni jebir-jepa, gam-gussa basdy.
4 Men şonda çagyrdym Rebbi: «Ýa Reb, ýalbarýaryn, halas et meniň janymy!»
5 Reb dogry we merhemetli, biziň Hudaýymyz rehimli.
6 Reb goraýar sada ynsany, tapdan düşenimde, Ol meni halas eýledi.
7 Rahatlygyňa öwrül, eý, meniň janym, çünki Reb saňa jomartlyk etdi.
8 Sen ölümden halas etdiň janymy, gözýaşlardan – meniň gözümi, büdremekden – aýaklarymy.
9 Men diriler diýarynda Rebbiň huzurynda gezerin.
10 «Ejirlerim juda köp» diýenimde hem, imandan aýrylmadym men.
11 Howsala düşen wagtymda: «Ähli ynsanlar ýalançy» diýdim.
12 Rebbiň maňa eden ýagşylyklarynyň öwezini nädip dolaýyn?
13 Gutulyş pyýalasyny galdyryp, çagyraryn Rebbiň adyny.
14 Bütin halkynyň öňünde berjaý etjek Rebbe eden kasamlarymy.
15 Rebbiň sadyklarynyň ölümi Onuň üçin neneňsi agyr!
16 Ýa Reb! Men Seniň bendäň, men Seniň bendäň, Seniň gyrnagyň ogly; Sen gyryp taşladyň zynjyrlarymy.
17 Saňa şükür gurbanyny hödür ederin, Rebbiň adyny men çagyraryn.
18 Bütin halkynyň öňünde, Reb öýüniň howlularynda, eý, Iýerusalim, seniň içiňde, berjaý etjek Rebbe eden kasamlarymy.
19 Rebbe şan-şöhrat bolsun!