Bap 113
Rebbe şan-şöhrat bolsun! Eý, Rebbe hyzmat edýänler, şöhratlandyryň, Rebbiň adyna şan-şöhrat bolsun!
2 Şindiden ebedä çenli Rebbiň ady alkyşly bolsun!
3 Günüň dogýan ýerinden batýan ýerine çenli, Rebbiň adyna şan-şöhrat bolsun!
4 Reb ähli milletlerden belentde, Onuň şan-şöhraty gökler üstünde.
5 Eýsem Hudaýymyz Reb kimin barmy? Ol göklerde oturan bolsa-da,
6 eglip, göge, ýere nazar aýlaýar.
7 Ol garyplary ýerden galdyrýar, mätäçleri kül içinden çykarýar,
8 olary şazadalaryň ýanynda, Öz halkynyň şazadalary bilen oturdýar.
9 Önelgesiz aýalyň öýüni dikýär, ony çagalaryna guwandyryp, bagtyýar edýär. Rebbe şan-şöhrat bolsun!