Bap 101
Men wepalylyk we adalat barada nagma aýdaryn, ýa Reb, men Saňa şatlanyp, nagma aýdaryn.
2 Men kämillik ýolundan ýörärin. Wah, haçan gelerkäň meniň ýanyma?! Öýümde ýürek kämilliginde ýaşaryn.
3 Göz alnymda ýaman zada men ýol bermerin, günä etmegi men ýigrenýärin, günä maňa ýanaşmaz.
4 Ýürek azgynlygyndan daşda bolaryn, ýamanlyga şärik bolmaryn.
5 Gizlinlikde ýakynyna töhmet atany weýran ederin, gözi ýer görmeýäne, tekepbir ýüreklä çydap bilmerin.
6 Ýurduň sadyklarynyň maňa ýoldaş bolary ýaly, men olara mähir bilen gararyn. Meniň gullugymda kämillik ýolunda gezýänler durar.
7 Hilegärlik edýän meniň öýümde ýaşamaz, ýalan sözleýän gaşymda durmaz.
8 Rebbiň şäherinden betkärleri kowmaklyk üçin, sähersaýyn ýurtdaky erbetleri weýran ederin.