Bap 82
Hudaý Öz mejlisinde ornuna geçip, ylahy barlyklaryň arasynda kazylyk edýär.
2 Hudaý şeýle diýýär: «Haçana dek adalatsyz kazylyk edip, siz erbetlere tarapgöýlik etmekçi? Sela
3 Adalatly çözüň garybyň, ýetimiň dawalaryny, goraň ezileniň, mätäjiň hak-hukugyny.
4 Halas ediň ejiz bilen mätäji, erbetleriň golundan azat ediň olary.
5 Siz bilmeýärsiňiz, düşünmeýärsiňiz, siz garaňkylykda ýöreýärsiňiz, ýeriň binýatlary lerzana gelýär».
6 Men diýýärin: «Siz ylahy barlyklarsyňyz, Beýik Hudaýyň ogullary – siziň baryňyz.
7 Emma adam ogly kimin siz ölersiňiz, şazadalar kimin ýykylarsyňyz».
8 Galk, eý, Hudaý, kazylyk et ýeriň ýüzüne çünki Seniňkidir ähli milletler.