Bap 38
Dawudyň ýatlanma dilegiÝa Reb, gaharyňda meni ýazgarma, gazabyňda meni terbiýeleme.
2 Çünki peýkamlaryň parran geçdi içimden, Seniň eliň agram salýar meniň üstümden.
3 Gaharyň zerarly tenimiň abat ýeri ýok, günäm zerarly bedenimde saglyk ýok.
4 Çünki ýazyklarym başymdan agdy, agyr ýük deý maňa agramyn saldy.
5 Akmaklygym zerarly ýaralarym iriňledi hem-de porsady.
6 Iki bükülip, ýere ýazyldym, men uzakly gün ýas tutup gezýän.
7 Çünki ysytmadan doludyr bilim, bedenimiň abat ýeri galmady.
8 Halys tapdan düşdüm, mydar galmady, ýürek yzasyndan zar-zar gygyrýan.
9 Ýa Taňry, Saňa aýan ähli dilegim, Senden gizlin däldir meniň perýadym.
10 Ýüregim galpyldap, ysgynym gaçdy, meniň gözlerimiň nury galmady.
11 Dost-ýarlarym ýaralarym zerarly menden daşlaşýar, goňşularym-da menden uzakda durýar.
12 Janymyň kastyndakylar duzak gurýarlar; meniň zelelimi gözleýänler meni ýykmak hakda gürrüň edýärler; uzakly gün hile gurmagy niýet edýärler.
13 Men bolsa eşidip bilmeýän ker adam ýaly, gürläp bilmeýän lal ynsan ýaly.
14 Dilsiz-agyzsyz ker kimin boldum.
15 Çünki, ýa Reb, men Saňa intizardyryn; Sen jogap berersiň, ýa Taňry meniň Hudaýym.
16 Diýdim: «Duşmanlarym çekýän jebrime, goý, begenmesin, ýykylmaýyn, ýagylarym, goý, öwünmesin».
17 Çünki ýykylmaga golaýlandyryn, dyngysyz agyrym bilen ýüzbe-ýüzdürin.
18 Men öz ýazygymy boýun alýaryn, günäm babatda hasrat çekýärin.
19 Duşmanlarym bolsa diri hem güýçli; meni nähak ýere ýigrenýänler köpeldi.
20 Ýagşylygyma ýamanlyk edýänler maňa duşmandyr, çünki ýagşylyga eýerýärin men.
21 Ýa Reb, meni terk etme! Uzaklaşma menden, eý, meniň Hudaýym!
22 Ýardam etmek üçin dadyma ýetiş, ýa, Taňry meniň Halasgärim!