Bap 145
Eý, Hudaýym, meniň Patyşam! Men Seni beýgelderin, Seniň adyňa ebedi we baky alkyş aýdaryn.
2 Saňa her gün alkyş aýdaryn, adyňy ebedi we baky şöhratlandyraryn.
3 Reb beýik, Ol çensiz öwgä mynasyp, Onuň beýikligi ynsan akylyna sygmaz.
4 Seniň işleriň nesilerboýy taryp ediler, Seniň gudratly işleriň hem yglan ediler.
5 Seniň belentligiňiň şanly şöwketi, ajaýyp işleriň barada men oýlanaryn.
6 Olar haýbatly işleriň gudratyndan gürrüň bererler, men hem Seniň beýikdigiňi yglan ederin.
7 Seniň bolelin ýagşylygyň dabarasyny beýan ederler, Seniň dogrulygyň barada nagma aýdarlar.
8 Reb merhemetli hem rehimli, giň göwünli, wepaly söýgä baýdyr.
9 Reb hemmeler üçin ýagşydyr, Ol ähli ýaradanlaryna merhemet edýär.
10 Ýa Reb, ähli işleriň Saňa şükür ederler, ähli sadyklaryň Saňa alkyş aýdarlar.
11 Seniň şalygyňyň şanly şöwketini, gudratly işleriňi ynsanlara bildirmek üçin,
12 olar Seniň şalygyňyň şöhratyny aýdarlar, Seniň gudratyňdan gürrüň bererler.
13 Seniň şalygyň – müdimi şalyk, hökümdarlygyň – nesillerboýy. Reb ähli sözlerinde wepadar, Ol ähli işlerinde rehimdar.
14 Reb söýgetleýär ähli ýykylanlary, Ol dikeldýär ähli bükülenleri.
15 Hemmäniň gözleri Saňa umyt bilen garaýar, Sen öz wagtynda olaryň ryskyny berýärsiň.
16 Sen eliňi açýarsyň, ähli jandarlara islän zadyny berýärsiň.
17 Reb ähli ýollarynda dogrudyr, Ol ähli işlerinde rehim-şepagatlydyr.
18 Reb Özüni çagyrýanlaryň hemmesine, Özüni çyndan çagyrýanlaryň hemmesine ýakyndyr.
19 Ol Özünden gorkýanlary myradyna ýetirýär, olaryň nalyşyny eşidýär we halas edýär.
20 Reb Özüni söýýänleriň ählisini goraýar, emma erbetleriň baryny Ol heläk eder.
21 Meniň agzym Rebbe öwgüler aýdar, janly-jandarlaryň bary asyrlarboýy mukaddes adyna alkyşlar aýdar!