Bap 7
Ýa Beýik Hudaýym! Seni pena edinýärin men, meni yzarlaýanlaryň baryndan halas et, gutar.
2 Ýogsam hiç kim ýokka meni halas edere, olar şir dek meni parçalaýmasyn.
3 Ýa Reb, Hudaýym, eger şulary men eden bolsam: eger ellerimde haksyzlyk bolsa,
4 eger özüm bilen asudalykda ýaşana men ýamanlyk edäýen bolsam, duşmanymy sebäpsiz ýere men talan bolsam,
5 onda, goý, yzarlaýanlar yzymdan ýetsin, depgiläp, janymy ýere gaplasyn hem-de hormatymy aýak astyna salsyn. Sela
6 Ýa Reb, galk Sen Öz gazabyňda, garşy çyk Sen duşman dergazabyna; eý, Hudaýym, oýan-da, jar et Öz hökümiňi.
7 Halklar jemagaty gurşasyn töweregiňi, göklerden ýöret olara Sen hökümiňi.
8 Reb halklara höküm çykarýar; ýa Reb, dogrulygym bilen päkligime görä, Sen meni akla.
9 Erbet adamlaryň ýamanlygy soňlansyn, berkarar et Sen dogry ynsany, çünki Sen, ýa hak Hudaý, köňüldir ýürekleri barlaýarsyň ahyryn.
10 Hudaýdadyr meniň galkanym, Ol dogry ýüreklini halas edýändir.
11 Hudaý adyl Kazydyr, haksyzlygy günde höküm edýändir.
12 Eger kimdir biri toba etmese, Hudaý Öz gylyjyny ýitelder; ýaýynyň kirşini çekip, ony çenändir.
13 Ol öwrüp peýkamlaryny lowlaýan oda, oňa ölüm ýaraglaryny taýynlap goýýar.
14 Ynha, erbet adamyň haksyzlykdan hamyla bolup, göwresinde ýamanlygy göterip, ýalany dünýä indirişini gör!
15 Ol gazýar bir çukur, ony çuňaldýar, gazan çukuryna-da onuň özi düşýär.
16 Öz ýamanlygy inýär onuň başyna, zalymlygy inýär öz depesine.
17 Rebbe Onuň haklygynda şükür edýärin, şatlanyp, Beýik Hudaý nagma aýdýaryn.