Bap 80

Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Äht liliýasy» äheňinde aýdylýan. Asafyň mezmury.

Eý, Ysraýyl Çopany, Eý, Ýusuba sürä deý ýol Görkezýän, gulak goý! Eý, keruplaryň üstünde Oturan, nur saç!
2 Efraýymyň, Benýaminiň, Manaşäň öňünde; güýjüňi oýar, gel-de halas et.
3 Eý, Hudaý, Sen bizi dikelt, ýüzüň nur saçsyn, halas bolaly.
4 Ýa Hökmürowan Beýik Hudaý! Öz halkyň doga-dileglerine Sen haçana dek boljak gaharly?
5 Sen olara gözýaşly çörek iýdirdiň, gözýaşlaryny suw kimin içirdiň.
6 Goňşy halklar biz babatda jedel edýärler, duşmanlarymyz üstümizden gülýärler.
7 Bizi dikelt, eý, Hökmürowan Hudaý! Ýüzüň nur saçsyn, halas bolaly.
8 Üzüm nahalyny Sen Müsürden getirdiň, milletleri kowup, ony oturtdyň.
9 Sen onuň üçin taýýarladyň topragy, ol kök urup, doldurdy ýurdy.
10 Daglar bürendi onuň saýasyna, äpet kedr daragty – şahalaryna.
11 Ol deňze çenli uzatdy şahalaryny, derýa çenli – öz pudaklaryny.
12 Emma her ötegçiniň onuň miwesini ýolup bileri ýaly, Sen onuň haýatlaryny näme üçin weýran eýlediň?
13 Tokaý ýekegapany ony dagadýar, meýdan jandarlary ony gemirýär.
14 Dolan, eý, Hökmürowan Hudaý! Göklerden sal Sen nazary, gör bu üzüm bagyny –
15 eliň oturdan bu nahalyny, Özüň üçin kuwwatlandyran ynsan ogluňy.
16 Olar ony otda ýakdylar, ony çapdylar. Goý, olar Seniň gazaply bakyşyňdan ýitip gitsinler.
17 Emma kömek et sagyňdaky ynsana Sen ony Özüň üçin getirensiň kemala
18 Şonda ýüz öwürmeris Senden hiç haçan; bize ýaşaýyş ber, çagyrarys Seniň adyňy.
19 Bizi dikelt, ýa Hökmürowan Beýik Hudaý! Ýüzüň nur saçsyn, halas bolaly.