Bap 118

Rebbe şükür ediň, çünki Ol ýagşy, Onuň söýgüsi baky!
2 Goý, Ysraýyl diýsin: «Onuň söýgüsi baky».
3 Goý, Harunyň nesli diýsin: «Onuň söýgüsi baky».
4 Goý, Rebden gorkýanlar diýsin: «Onuň söýgüsi baky».
5 Darygan çagymda çagyrdym Rebbi, Reb jogap berdi, göwnüme saldy giňligi.
6 Reb – tarapdarym, gorkmaýaryn men, ynsan maňa näme edip bilsin?
7 Reb kömekçi dek tarapdarymdyr, meni ýigrenýänlere dabaraly seretjekdirin.
8 Ynsana bil baglandan, Rebbi pena edinmek ýagşy.
9 Şalara bil baglandan, Rebbi pena edinmek ýagşy.
10 Ähli milletler gurşap aldy daşymy, Rebbiň ady bilen serpikdirdim olary.
11 Olar gurşap aldy meniň daşymy, çar tarapdan gabady meni, Rebbiň ady bilen serpikdirdim olary.
12 Olar ary kimin meni gurşady, ýöne ýandak ody dek söndi, Rebbiň ady bilen serpikdirdim olary.
13 Ýykylarym ýaly, gaty itildim, emma Reb boldy meniň kömegim.
14 Reb – güýjüm hem-de aýdymym, Ol meniň Halasgärimdir.
15 Dogrularyň çadyrlarynda şatlyk, ýeňiş nagmalary ýaňlanýar: «Rebbiň goly zor işleri görkezýär!
16 Rebbiň goly belende galýar! Rebbiň goly zor işleri görkezýär!»
17 Men ölmerin, aman ýaşaryn hem-de Rebbiň işlerini yglan ederin.
18 Reb meni berk jezalandyrdy, emma ölüme meni bermedi.
19 Açyň maňa dogrulyk derwezelerini, men girip, Rebbe şükür edeýin.
20 Bu – Rebbiň derwezeleri, dogrular ondan girerler.
21 Men Saňa şükür edeýin, çünki jogap berdiň, meni halas eýlediň.
22 Ussalaryň ret eden daşy, binýadyň burç daşy boldy.
23 Muny Reb etdi, bu nazarymyzda täsin saýyldy.
24 Bu – Rebbiň ýaradan güni, geliň onda begeneli we şatlanaly.
25 Ýa Reb, ýalbarýarys, halas et bizi, Ýa Reb, ýalbarýarys, ber üstünligi.
26 Reb adyndan gelýän bolsun alkyşly! Reb öýünden siziň üçin etjek doga-dilegi.
27 Beýik Hudaýdyr, üstümize nur saçan Oldur. Gurbanlyk malyny alyň, ony gurbanlyk sypasynyna daňyň.
28 Sen – meniň Hudaýym, Saňa şükürler etjek, Sen – meniň Hudaýym, men Seni beýgeltjek.
29 Rebbe şükür ediň, çünki Ol ýagşy, Onuň söýgüsi baky!