Bap 142
Men gaty ses bilen Rebbe perýat edýärin, gaty ses bilen Rebbe men ýalbarýaryn.
2 Onuň öňüne arz-halymy dökýärin, Onuň öňünde gaýgylarymy beýan edýärin.
3 Ruhum tapdan düşen mahaly, Sen bilýänsiň meniň ýolumy! Ýöreýän ýodamda maňa duzak gurdular.
4 Sagyma bak-da, gör: hiç kim maňa hormat goýmaýar, maňa indi gaçalga-da ýok, hiç kim janymyň gaýgysyny etmeýär.
5 Ýa Reb, Saňa perýat edýärin, diýýärin: «Sen – meniň penam, diriler diýarynda – meniň nesibäm».
6 Meniň perýadyma dykgat ber, çünki gaty peselendirin. Aňtaýanlardan meni halas et, çünki olar menden güýçlüdir!
7 Zyndandan azat et meni, adyňa şükür edeýin! Ýa Reb! Maňa jomartlyk edeniň üçin, dogrular meni gurşarlar.