Bap 147
Rebbe şan-şöhrat bolsun! Çünki Hudaýymyzy nagma bilen öwmek ýagşydyr, lezzetlidir, Ol öwgülere laýykdyr.
2 Reb Iýerusalimi bina eýleýär, Ysraýylyň pytranlaryny jemleýär.
3 Göwni synyklara Ol şypa berýär, olaryň ýaralaryny daňýar.
4 Ýyldyzlaryň sanyny Ol hasaplaýar, olaryň ählisini Ol atlandyrýar.
5 Rebbimiz beýikdir, kuwwaty köpdür, paýhasynyň hiç çägi ýokdur.
6 Reb pespälleri galdyrýar, Ol erbetleri ýere pylçaýar.
7 Rebbe şükür nagmalaryny aýdyň, Hudaýymyza kinorda mukamlar çalyň!
8 Ol gökleri bulutlara büreýär, toprak üçin ýagyşlary taýynlap goýýar, baýyrlarda gök otlary gögerdýär.
9 Ol haýwanlara, jüýgüldeşýän garga çagalaryna olaryň ryskyny berýär.
10 Ol ne bedewiň güýjünden wagtyhoş bolýar, ne-de urşujynyň aýagyndan keýpi çag bolýar.
11 Reb Özünden gorkýanlardan, Onuň wepaly söýgüsine umyt baglaýanlardan, keýpi çag bolýar.
12 Eý, Iýerusalim, Rebbe öwgi aýt! Eý, Siýon, Hudaýyňa şan-şöhrat bolsun!
13 Çünki Ol derwezeleriňiň kiltlerini berkidýär, galadaky çagalaryňa ak pata berýär.
14 Çäkleriňde parahatlygy berkarar edýär, saýlama bugdaýdan seni doýurýar.
15 Ol buýruklaryny ýere gönderýär, Onuň sözi tizlik bilen ýaýraýar.
16 Gar ýagdyryp, ýeri ak ýorgana büreýär, kül kimin gyrawy Ol sepeleýär.
17 Buzlaryny parçalap, ýere taşlaýar, Rebbiň aýazyna döz geljek barmy?
18 Ol buýurýar, buzlar ereýär, ýel ösdürip, suwlar akdyrýar.
19 Ol Ýakup halkyna yglan edýär sözüni, Ysraýyla – parzlaryny we hökümlerini.
20 Reb başga hiç millete şeýle etmeýär, olar Onuň adalatly hökümlerini bilmeýär. Rebbe şan-şöhrat bolsun!