Bap 18
Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Rebbiň guly Dawudyň mezmury. Reb ony ähli duşmanlarynyň we Şawulyň elinden halas eden güni ol bu nagmanyň sözlerini Rebbe ýüzlenip aýtdy:
2 Seni söýýärin, ýa Reb – kuwwatym.
3 Reb meniň gaýam, galam hem Halasgärim, Hudaýym – pena edinýän gaýam, galkanym, ýeňşim hem-de berkitmäm.
4 Men şan-şöhrata mynasyp Rebbi çagyrýaryn, hem-de duşmanlarymdan halas bolýaryn.
5 Ölüm tanaplary maňa oraldy, weýrançylyk silleri meni garbady.
6 Ölüm dünýäsiniň tanaplary maňa saraldy, ölüm duzaklary garşymdan çykdy.
7 Gam-gussamyň içinde Rebbi çagyrdym, öz Hudaýyma men perýat etdim. Ol ybadathanasyndan meniň sesimi eşitdi; Onuň gulagyna perýadym ýetdi.
8 Şonda ýer çaýkandy hem endiredi, daglar binýatlary sarsyp, lerzana geldi, sebäbi Reb gazaba mündi.
9 Gazabyndan ýaňa tüsse çykdy burnundan, ýuwudyjy ot bilen köreýän közler çykdy agzyndan.
10 Ol gökleri böwsüp, aşaga indi, zulmat aýaklarynyň astynda bardy.
11 Ol bir keruba mündi-de, uçdy, ýeliň ganatlarynda gaýdy.
12 Ol Özüniň daşyna örtgi etdi tümlügi, telär etdi goýy bulutlaryň ýagmyr tümüni.
13 Huzurynyň ýalkymyndan ýaňa köreýän közlerdir doly böwsüp geçdi Onuň gara bulutlaryny.
14 Reb göklerde güňleç gürledi, Beýik Hudaý sesini közdür doly bilen çykardy.
15 Peýkamlaryny atyp, pytratdy ýagylaryny, ýyldyrymlar çakdyryp, weýran etdi olary.
16 Şonda, ýa Reb, Seniň käýinjiňden, burnuňdan çykan demiňden ýaňa, deňziň geçelgeleri göründi, dünýäniň-de binýatlary açyldy.
17 Ol belentden ýetdi hem meni aldy Ol meni çuň suwlardan çekip çykardy.
18 Halas etdi meni ýigrenýän güýçli ýagymdan, çünki olar güýçlüdi menden.
19 Olar betbagt günümde garşyma çykdy, ýöne Reb meniň daýanjym boldy.
20 Meni giň ýere çykardy hem halas etdi, çünki Ol menden göwnühoş boldy.
21 Ol dogrulygyma laýyk öwezini gaýtardy, ellerimiň tämizligine laýyk Ol sylaglady.
22 Çünki men Rebbiň ýollaryndan ýöredim, Hudaýymdan aýrylmak ýaly erbet işi men etmedim.
23 Çünki gözümiň alnyndady ähli kararlary, özümden daşlaşdyrmandym Onuň parzlaryny.
24 Men kämildim Onuň öňünde, sakladym özümi günä etmekden.
25 Şonuň üçin, dogrulygyma we ellerimiň päkligine görä, Reb öwezini gaýtardy Öz nazarynda.
26 Wepalylyk edýärsiň Sen wepalylara, kämillik edýärsiň Sen kämillere,
27 päklik edýärsiň Sen päk ynsanlara, egrilere bolsa egriligine görä garaýarsyň Sen.
28 Pesgöwünli halky halas edýärsiň, emma tekepbir gözleri peseldýärsiň Sen.
29 Ýa Reb, çyrama nur berýän Sensiň, Hudaýym ýagtyldýar meniň tümlügmi.
30 Seniň bilen talaňçylara hüjüm ederin, Öz Hudaýym bilen diwardan aşyp bilerin.
31 Hudaý – Onuň ýoly kämildir, Rebbiň sözleri sapdyr, Ony pena edinýänleriň baryna Reb galkandyr.
32 Çünki Rebden başga Hudaý ýok! Hudaýymyzdan başga gaýa ýok!
33 Ol meni kuwwata besleýän Hudaý, Ol meniň ýolumy aýypsyz edýär.
34 Aýaklarymy keýigiňki dek edýär, belent ýerlerde meni ykjam duruzýar.
35 Urşa türgen edýär Ol ellerimi, gollarym egreldýär bürünçden ýaýy.
36 Ýeňiş galkanyňy maňa berýärsiň, Seniň goluň meni goldaýar, Seniň kömegiň-de meni beýgeldýär.
37 Gadamlarymyň astyndaky ýoly giňeldýäň, meniň aýaklarym taýmaýar.
38 Duşmanlarymy kowalap, yzlaryndan ýetýärin, olary gyryp tükedýänçäm, dolanmaýaryn.
39 Men olary derbi-dagyn edýärin, galyp bilmeýär, aýaklarymyň astyna olar ýykylýar.
40 Uruş üçin Sen bilime kuwwat berýärsiň, garşyma çykanlary maňa tabyn edýärsiň.
41 Boýun egdirýärsiň duşmanlarymy, gyrýaryn men özümi ýigrenýänleri.
42 Perýat etseler-de, olary halas edýän ýok; Rebbi çagyrsalar-da, Ol jogap berenok.
43 Olary owradyp, tozan dek ýele sowurýaryn, köçeleriň palçygy kimin taşlaýaryn.
44 Söweşjeň goşundan meni halas eýleýäň, Sen meni milletlere baş edip goýýaň, tanamadyk halkym tabyndyr maňa.
45 Meni eşiden dessine boýun bolýarlar, ýatlar maňa ýalym-ýulum edýärler.
46 Kesekileriň ýüzi gorkudan ak tama dönýär, olar galalaryndan titreşip çykýar,
47 Reb diridir! Meniň Gaýam alkyşly bolsun! Gutulyşymyň Hudaýy belende çykarylsyn!
48 Ol meniň arymy alyp berýän Hudaýdyr, Ol halklary maňa tabyn edýändir,
49 Ol meni duşmanlarymdan halas eýleýär. Sen meni ýagylarymdan üstün çykardýarsyň, hem-de meni zalymdan halas edýärsiň.
50 Munuň üçin, ýa Reb, milletler arasynda Saňa öwgi aýdaryn, men Seniň adyňa nagma aýdaryn. [51] Ol Öz şasyna beýik ýeňişler berýär, seçip saýlan Dawudyna, onuň nesline elmydama wepaly söýgüsini görkezýär.