Bap 127

Eger öýi Reb bina etmese, ony bina edýänleriň azaby puçdur. Eger şäheri Reb goramasa, garawulyň oýa durmagy puçdur.
2 Eklenmek üçin der dökmegiňiz, ir turup, giç ýatmagyňyz puçdur. Hawa, Ol söýýänine hatda ýatyrka-da rysgal berýändir.
3 Çagalar – Rebden bolan mirasdyr, ýatgynyň miwesi – Ondan sylagdyr!
4 Ýaşlyk çagynyň ogullary edermeniň elindäki peýkamlar ýaly:
5 sagdagyny olardan dolduran bagtly! Ol derwezede duşmany bilen gürleşen wagty utandyrylmaz.