Bap 49
Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Koragyň nesilleriniň mezmury.
2 Eý, ähli halklar, eý, dünýäde ýaşaýanlar, ähliňiz muny eşidiň.
3 Sada halk we begzadalar, baý we pukara – baryňyz diňläň.
4 Meniň agzym danalygy sözlesin, ýürek pikirlerim düşünje bersin.
5 Men bir tymsala gulak gereýin, mukam bilen matalymy çözüp bereýin.
6 Muşakgatlyk wagtynda, duşmanlar nähak ýere maňa hüjüm edende, men näme üçin gorka düşeýin?
7 Baýlygyna bil baglaýan ynsanlar, mal-mülküniň köplügine magtanýar.
8 [8–10] Ynsan doganynyň ebedi ýaşary ýaly, hem-de gabry görmezi ýaly, pul töläp, ony azatlyga çykaryp bilmez; onuň üçin Hudaýa töleg tölemez. Dogrudan-da, jan azatlygyny gazanma gymmat, muny hiç kim başaryp bilmez.
11 Sebäbi ol akyldaryň-da ölýänin görýär; akmaklar-da, samsyklar-da ýok bolup gidýär, mal-mülklerini başgalara galdyrýar.
12 Mazarlary baky öýleri bolar, mesgenleri geçer nesilden-nesle, atlaryny dakýarlar öz mülklerine.
13 Ýöne ynsan hormatda galmaz, ol ýok bolup gidýän haýwanlar ýalydyr.
14 Olaryň ýoly şular ýalydyr, akmaklyk-da olaryňkydyr. Emma muňa garamazdan, indiki nesil olaryň magtanmasyny makullaýandyr. Sela
15 Olar ölüler dünýäsine goýun dek sürler, ölüm olaryň çopany bolar; säher çagy dogry adamlar olaryň üstünden agalyk sürer; ýaşaýan ýerlerinden uzakda – ölüler dünýäsinde bedeni çüýrär.
16 Emma Hudaý meni kabul eder; Ol ölüler dünýäsiniň ygtyýaryndan, meniň janymy boşadar. Sela
17 Bir adam baýap, öýüniň şöhraty artsa, muny görüp, umytdan düşme.
18 Çünki ölende ýany bilen hiç zat äkitmez, şöhraty onuň yzyna düşmez.
19 Ýaşaýşynda özüni bagtly saýsa-da, (öwýändirler seni rowaçlananyňda)
20 onuň jany ata-babasynyň ýanyna gider; olar gaýdyp görmezler nury. [21] Hormatlansa-da, muny göternip bilmeýän ynsan, ýok bolup gidýän haýwanlar deýdir.