Bap 136

Rebbe şükür ediň, çünki Ol ýagşy, Onuň söýgüsi baky.
2 Hudaýlar Hudaýyna şükür ediň, Onuň söýgüsi baky.
3 Taňrylar Taňrysyna şükür ediň, Onuň söýgüsi baky.
4 Beýik gudratlary edýän diňe Oldur, Onuň söýgüsi baky.
5 Gökleri paýhas bilen ýaradan Oldur, Onuň söýgüsi baky.
6 Ýeri suwlaryň üstüne ýazan hem Oldur, Onuň söýgüsi baky.
7 Uly yşyklary ýaradan Oldur, Onuň söýgüsi baky.
8 Gündiz höküm sürer ýaly Güni ýaradan Oldur, Onuň söýgüsi baky,
9 gije höküm sürer ýaly Aýy, ýyldyzlary ýaradan Oldur, Onuň söýgüsi baky.
10 Müsüriň nowbaharlaryny öldüren Oldur, Onuň söýgüsi baky.
11 [11-12]Güýçli eli, uzadan goly bilen, Onuň söýgüsi baky, ysraýyllary Müsürden çykaran Oldur, Onuň söýgüsi baky.
13 Gyzyl deňzi ikä bölen Oldur, Onuň söýgüsi baky.
14 Ysraýyllary onuň ortasyndan geçiren Oldur, Onuň söýgüsi baky.
15 Fyrowny, goşunyny Gyzyl deňzinde derbi-dagyn eden-de Oldur, Onuň söýgüsi baky.
16 Öz halkyna çölde ýol görkezen Oldur, Onuň söýgüsi baky.
17 Beýik patyşalary öldürýän Oldur, Onuň söýgüsi baky.
18 Kuwwatly patyşalary ýok edýän Oldur, Onuň söýgüsi baky.
19 Amorlaryň patyşasy Sihonyň, Onuň söýgüsi baky.
20 Başanyň patyşasy Oguň, Onuň söýgüsi baky.
21 Olaryň topragyny miras hökmünde beren Oldur, Onuň söýgüsi baky.
22 Olaryň topragyny miras hökmünde Ysraýyla – Rebbe hyzmat edýän halka beren-de Oldur, Onuň söýgüsi baky.
23 Pes günümizde bizi ýatlan Oldur, Onuň söýgüsi baky.
24 Duşmanlarymyzdan bizi halas eden Oldur, Onuň söýgüsi baky.
25 Ähli janly-jandara iýmit berýän Oldur, Onuň söýgüsi baky.
26 Gökleriň Hudaýyna şükür ediň, Onuň söýgüsi baky.